Aşgabatda demir ýol hyzmatdaşlygynyň duşuşygy geçiriler

11 Mart 2023
354

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew şu ýylyň maý aýynda Aşgabatda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň komiteti tarapyndan Halkara demir ýol üstaşyr nyrhlary baradaky Ylalaşygyň taraplarynyň wekilleriniň duşuşygyny geçirmek meselesi barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň Türkmenistanda ilkinji gezek geçirmegi meýilleşdirýän bu çäresiniň gün tertibine laýyklykda, halkara gatnatmalarda üstaşyr daşamalary ösdürmek, Halkara demir ýol ýük gatnatmalary baradaky Ylalaşygy kämilleşdirmek, demir ýol ulagy arkaly üstaşyr ýük daşamalarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak bilen bagly we beýleki meselelere garamak göz öňünde tutulýar.