Baýramyňyz gutly bolsun, zenanlar!

8 Mart 2023
614

Narine SAAKÝAN,
BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili:

— BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň adyndan Türkmenistanyň ähli zenanlaryny, gelin-gyzlaryny Halkara zenanlar güni — 8-nji mart baýramçylygy mynasybetli gutlamaga rugsat ediň! Biz bu gün Türkmenistanda zenanlar üçin jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-medeni ugurlardaky işlere, zenan ýolbaşçylygyny ösdürmäge, özbaşdak işewürligi açmaga we ýöretmäge, ähli derejede mynasyp bilim almaga zerur bolan hukuklaryňdyr mümkinçilikleriň kepillendirilýändigini kanagatlanma bilen aýdyp bilýäris. Ýetilen sepgitler bilen birlikde, deň hukuklaryňdyr mümkinçilikleriň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek, «Türkmenistanda gender deňligini üpjün etmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň» çäklerinde zenanlaryň ykdysadyýetiň we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna gatnaşmaklaryny giňeltmek babatda toplumlaýyn işleriň dowam etdirilmegi hem möhümdir.