Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Hojalyk dolandyryş direksiýasy daşary ykdysady işine gatnaşyjylar üçin halkara söwda işinde daşalýan ýükler boýunça gümrük taýdan resmileşdirmek bilen bagly amallary geçirmek, ýükleri ýüklemek, düşürmek we ammarlarda saklamak we beýleki görnüşdäki ýokary hilli hyzmatlary üpjün edýär.
Ýurdumyzyň ähli pudaklarynda sanly ulgamyň giňden ulanylýan döwründe Hojalyk dolandyryş direksiýanyň daşary ykdysady işine gatnaşýan taraplar üçin hödürleýän hyzmatlary hem sanlylaşdyryldy. Bu işleriň çäklerinde, gümrük gullugynda ornaşdyrylan maglumat ulgamlaryny ulanmak arkaly gümrük taýdan resmileşdiriş işleri bilen bagly üpjün edilýän hyzmatlar dowamly kämilleşdirilýär.