Wodorod energiýasyny almagyň ylmy-tehniki mümkinçilikleri öwrenilýär

25 Fewral 2023
422

Düýn Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Tebigy gazdan wodorod energiýasyny almagyň ylmy-tehniki mümkinçilikleri» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Gibrid görnüşde geçirilen maslahata daşary ýurtlaryň, halkara guramalaryň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, meşhur alymlar, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplary, şeýle hem 20-den gowrak döwletiň ylym-bilim ulgamynyň 100-e golaý hünärmeni gatnaşdy.

Üstünlikli geçen halkara ylmy-amaly maslahatyň çäklerinde uniwersitetiň giň foýesinde täzeçil taslamalara we häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryna, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy strategik ugurlarynyň biri bolan nebit we gaz pudagyna bagyşlanan hem-de Döwlet muzeýiniň eksponatlary ýerleşdirilen sergi guraldy. Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň geljegi bilen bagly alnyp barylýan ylmy-barlag işleriň sergisi maslahata gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

Çaryguly HANJAÝEW.
«Türkmenistan».