Türkmen-bahreýn gatnaşyklary: ösüşiň täze tapgyry

24 Fewral 2023
473

21-22-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Bahreýn Patyşalygynda boldy

Türkmenistan bilen Bahreýn Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1995-nji ýylyň dekabrynda ýola goýuldy. Şunuň bilen baglylykda, özara ynanyşmaga, birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklar giň gerimli häsiýete eýe boldy hem-de dürli pudaklarda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçiliklere ýol açyldy. Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyzyň Bahreýn Patyşalygyna ilkinji resmi sapary umumy abadançylygyň bähbidine giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze, möhüm sahypany açýar.

"Nesil".