Dostluk, hoşniýetlilik, jebislik (Ýaş žurnalistiň sözi)

24 Fewral 2023
478

Türkmenistanda durmuşa geçirilýän hem-de ýurdumyzy ösdürmäge, durmuş-ykdysady düzümleri döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen giň möçberli özgertmeler maksatnamalary arap ýurtlarynyň, şol sanda Bahreýniň işewür toparlarynyň depginli ösýän türkmen bazaryna gyzyklanmalaryny artdyrýar. Şu jähetden, 1995-nji ýylyň dekabrynda ýola goýlan türkmen-bahreýn diplomatik gatnaşyklary häzirki wagtda dürli pudaklarda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçiliklere eýe bolup, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 21-22-nji fewralda Bahreýn Patyşalygyna amala aşyran ilkinji resmi sapary möhüm ähmiýetlidir.

Ilkinji nobatda, Türkmenistan bilen Bahreýn Patyşalygynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň özara ynanyşmak, birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýandygyny bellemelidiris. Bu ýagdaý umumy abadançylygyň bähbidine hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen döwletara gatnaşyklaryň geriminiň barha giňemegine ýardam edýär. Döwlet Baştutanymyzyň Bahreýn Patyşalygyna amala aşyran resmi sapary muny aýdyňlygy bilen tassyklap, döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze, möhüm sahypany açýar. Çünki iki ýurduň hem ykdysadyýeti üçin strategik häsiýetli bolan ýangyç-energetika toplumy döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunda taraplaryň netijeli gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmaga bolan meýillerini nazara alanyňda, beýleki pudaklarda, şol sanda maliýe, maýa goýum ulgamynda, deňiz ulaglarynda, syýahatçylykda we sportda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly mümkinçilik bar. Şoňa görä-de, saparyň barşynda hormatly Prezidentimiziň Bahreýniň Patyşasy Şeýh Hamad bin Isa Al Halifa bilen taryhy ähmiýetli duşuşygy boldy.

Selbi BAÝLYÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň 2-nji ýyl talyby.