Türkmenistan — BAE: gadyrly gatnaşyklary giňeltmekde täze ädim

23 Fewral 2023
559

Zeminiň çar künjegine dost-doganlygyň köprülerini çekýän Türkmenistan Arap ýarymadasynyň demirgazyk-gündogarynda, Pars aýlagynyň kenarynda ýerleşýän Birleşen Arap Emirliklerini ygtybarly hyzmatdaş we gadyrly dost hasaplaýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 11-12-nji fewralynda bu dostlukly ýurda amala aşyran resmi sapary hem gadyrly gatnaşyklary iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ilerletmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüldi.

Hakyda nesilleri birleşdirýär