22-nji fewralda, Aşgabatda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýew bilen kosmos pudagynda ýöriteleşen howa giňişligi enjamlaryny öndürýän fransuz «Thales Alenia Space» kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyo maslahatlaşdylar. Şeýle hem, dürli işewürlik teklipleri berildi hem-de pikirler alyşyldy.