Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda 32,64% artdy

23 Fewral 2023
457

Eýranyň senenamasynyň birinji on aýynda Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy 389,65 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

Eýranyň Türkmenistan bilen söwdasy (çig nebit eksportyndan başga) häzirki Eýranyň senenamasynyň birinji on aýynda (21-nji martdan 20-nji ýanwara çenli) geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 32,64 göterim ýokarlandy. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň gümrük gullugynyň maglumatlaryna salgylanyp, Eýranyň “Financial Tribune” neşiri sişenbe güni habar berdi.