Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

23 Fewral 2023
1116

Aşgabat, 22-nji fewral (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy hökmünde işini tamamlaýan Natalýa Germany kabul etdi.

Diplomat duşuşmaga we ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini hem-de ony ösdürmegiň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň adyndan we hut öz adyndan hormatly Arkadagymyzy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegi hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanun esasynda ykrar edilmegi bilen gutlady. Merkeziň ýolbaşçysy BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işine hemmetaraplaýyn goldawlary üçin Gahryman Arkadagymyza, şeýle-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi we Garaşsyz Bitarap Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.