Türkmenistan we BAE deňiz portlarynyň ulag-logistika baglanyşygyny ýola goýmagy işjeňleşdirýär

23 Fewral 2023
530

Mälim bolşy ýaly, 19-njy fewralda Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan Türkmenistanda saparda boldy. Ony Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Prezident Serdar Berdimuhamedow mähirli garşylady.

Türkmen döwletiniň Baştutany bilen BAE-niň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda gepleşikler geçirildi.