Diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy

9 Fewral 2023
627

Türkmenistanda hem Özbegistanda dabaralandyrylýar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda alnyp barylýan ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynda ýakyn goňşy ýurtlar, şol sanda Özbegistan Respublikasy bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. 1993-nji ýylyň 7-nji fewralynda diplomatik gatnaşyklara resmi taýdan badalga berilmegi bilen, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda dostluga, hoşniýetli goňşuçylyga, özara ynanyşmaga esaslanýan netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. Bu gün ähli ugurlarda depginli ilerledilýän türkmen-özbek hyzmatdaşlygy ösüşiň iň ýokary derejesi bilen tapawutlanýar. Häzirki wagta çenli hereket edýän halkara resminamalaryň 300-e golaýy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny emele getirip, hyzmatdaşlygy ileri tutulýan ugurlarda has-da giňeltmek üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýär.