Ýürekdeş duýgudaşlyk

9 Fewral 2023
420

Arkadagly eýýamymyzda hormatly Prezidentimiziň paýhasly baştutanlygynda goňşulary bilen hoşniýetli gatnaşyklary alyp barmagyň dostlugy berkidiji däplerini döreden ata-babalarymyzyň  ynsanperwer ýörelgeleri çuň mazmun bilen baýlaşýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça türkmen halkynyň Milli  Lideri Gahryman Arkadagymyzyň 8-nji fewralda Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasyna baryp, Türkiýe  döwletiniň günorta-gündogar sebitinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine we giň möçberli weýrançylyklara getiren güýçli ýertitreme zerarly doganlyk ýurduň wekillerine duýgudaşlyk bildirmegi kalplara ynjalyk berýän duýgulary döretdi.

Dünýägözel GULMANOWA,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Hukuk kömegi müdirliginiň baş maslahatçysy.