Doganlyk ýurtlaryň dostlugy

9 Fewral 2023
430

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda goňşy ýurtlar bilen ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler täze üstünliklere beslenýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýakynda gol çeken Buýrugyna laýyklykda, Türkmenistandan Özbegistan Respublikasyna degişli möçberde suwuklandyrylan gazyň muzdsuz ugradylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Şeýle buýsandyryjy çäreleriň netijesinde bu gün Daşoguz şäherimizi toý şatlygy gurşap aldy. Özbegistan Respublikasyna muzdsuz suwuklandyrylan gazyň iberilmegi, şeýle-de ýurdumyza Özbegistanda öndürilen «Tiz kömek» awtoulaglarynyň gelip gowuşmagy taraplaryň hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga çalyşýandyklarynyň aýdyň subutnamasydyr. Arkadagly Serdarymyzyň welaýatymyza ilkinji iş saparynyň çäklerinde açylyp ulanylmaga berlen Daşoguz welaýat Köpugurly hassahanasynda dabaraly çäreler geçirildi. Özbegistan döwletinden «Tiz kömek» awtoulaglary türkmen milli däp-dessurlaryna laýyklykda garşy alyndy. Saglygy goraýyş ulgamyna gelip gowşan bu awtoulaglar ynsan saglygyny gorap saklamak hakynda edilýän aladanyň aýdyň nyşanydyr.

Aşyrdurdy ALLAÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy.