Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

8 Fewral 2023
1082

Aşgabat, 7-nji fewral (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly geçirilen söhbetdeşligiň barşynda ähli esasy ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gahryman Arkadagymyz we dostlukly döwletiň Baştutany mähirli salamlaşyp we şanly waka — Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen birek-biregi mähirli gutlap, iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Şu taryhy wakadan soňky geçen ýyllaryň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösdürilendigi hem-de onuň hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, özara düşünişmek esasynda hemme ugurlarda pugtalandyrylandygy kanagatlanma bilen bellenildi.