Kitap halklary ýakynlaşdyrýar

8 Fewral 2023
445

Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 31 ýyllygy mynasybetli Balkan welaýat kitaphanasynda türkmen-amerikan kitap festiwaly geçirildi. Onuň bilen utgaşykly geçirilen beýleki çärelere hem işjeň häsiýet mahsus boldy.

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mettýu Stiwen Klimou Balkanabat şäherinde bolup, welaýat merkezindäki durmuş maksatly, medeniýet we bilim desgalaryna baryp gördi hem-de olarda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

(Ýörite habarçymyz).