Media giňişligindäki hyzmatdaşlyk

6 Fewral 2023
340

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän oňyn daşary syýasatyň çäklerinde Eýran Yslam Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 18-nji fewralynda ýola goýuldy. Iki dostlukly ýurduň arasynda syýasy, söwda-ykdysady, ylym-bilim, medeniýet-sungat, sport ugurlarynda hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyraga dostlukly ýurtda uly sarpa goýulýar.

Gazetimiziň şu gezekki sanynda Eýran Yslam Respublikasynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri barada käbir maglumatlary okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Mahym BEGLIÝEWA,
«Watan».