Türkmen-german forumy: saglygy goraýyşda netijeli gatnaşyklar

27 Ýanwar 2023
487

Düýn Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkeziniň mejlisler zalynda teleköpri arkaly geçirilýän X türkmen-german forumy öz işine başlady. Oňa wideoaragatnaşyk arkaly Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Halkara okuw-ylmy merkeziniň, Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkeziniň, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, Aşgabat şäheriniň 11-nji saglyk öýüniň, Balkanabat şäheriniň 1-nji saglyk öýüniň, Daşoguz welaýat köpugurly hassahanasynyň, Lebap welaýat köpugurly hassahanasynyň, Mary welaýat çagalar hassahanasynyň lukmanlary gatnaşýarlar. Iki günläp dowam edýän forumda hirurgiýa, akuşerçilik-ginekologiýa, ortopediýa, onkologiýa we derman serişdelerine degişli meseleler giňden ara alnyp maslahatlaşylýar.

«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa ornaşdyrylan we barha giňeýän saglygy goraýyş boýunça türkmen-german hyzmatdaşlygynyň netijesinde lukmanlaryň hünär kämilligi artdyryldy, amaly lukmançylyga döwrebap keselleri anyklaýyş we bejeriş usullary ornaşdyryldy. Halkara derejeli saglygy goraýyş edaralarynda öz kärine ussat hünärmenler zähmet çekseler, milli saglygy goraýyş ulgamynda ýaş hünärmenleriň täze mekdebi kemala geldi.

Ogulmähri GELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň direktory. Surata düşüren Dörtguly MYRATGULYÝEW.