Geljegi uly hyzmatdaşlyk

25 Ýanwar 2023
589

Natalýa GERMAN, BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda, şeýle hem 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda (ikinji gezek) Türkmenistana hemişelik Bitaraplyk derejesini bermek baradaky Kararnamalaryň kabul edilmegi Türkmenistanyň daşary syýasatda saýlap alan ýolunyň netijeli guraly boldy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygyň we ynanyşmagyň berkemegine, dialoglaryň, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň ösmegine, şeýle-de ýüze çykaýjak meseleleriň parahatçylyk ýoly bilen çözülmegine gönükdirilen maksatlardan ybaratdyr. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan her ýylyň 12-nji dekabrynyň «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip atlandyrylmagy türkmen Bitaraplygynyň ählumumy ykrarnamasydyr.