Dialog — halkara hyzmatdaşlygyň mizemez binýady

25 Ýanwar 2023
680

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň amala aşyrýan syýasy-hukuk özgertmeleri, durmuşa geçirýän ösüş strategiýasy dünýewi, demokratik döwlet hökmünde Türkmenistana ynamy we gyzyklanmany halkara derejede ýokarlandyrdy. Ýurdumyzyň halkara derejede amala aşyrýan giň gerimli taslamalary, maksatnamalary, durmuşa ornaşdyrýan beýik işleri BMG-niň maksatlary bilen bir bitewüligi emele getirýär. Hormatly Prezidentimiziň daşary syýasy taglymaty diňe bir Türkmenistanyň milli bähbitlerini däl, eýsem, dünýäniň öňdebaryjy pikirlerini, meýillerini hem öz içine almak bilen, ählumumy ösüşe hyzmat edýär. Häzirki zamanyň derwaýys meselelerini çözmäge, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen halkara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna hemmetaraplaýyn ýardam etmek, olar babatda sebit we global derejedäki hyzmatdaşlyga işjeň we netijeli gatnaşmak Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň garamagyna yzygiderli hödürleýän täze teklipleriniň we başlangyçlarynyň esasyny emele getirýär. Şeýle ýörelgelere esaslanan daşary syýasy maksatlar döwletimiziň milli bähbitlerini goramaga, parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge, içerki milli-ykdysady ösüşi, abadançylygy üpjün etmek we ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin amatly şertleri emele getirmäge uly mümkinçilikleri döredýär.

Milletimiziň ähli edim-gylymyna, aň-paýhasyna ornan parahatçylyk söýüjilik, oňşuklylyk, bitewülik, birek-birege ynanyşmak medeniýeti ýaly pelsepewi garaýyşlarymyz, ynsanperwer ýol-ýörelgelerimiz umumadamzada ýolgörkeziji ruhy-ahlak gymmatlyklaryna öwrüldi. Şonuň üçin Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem döwleti dolandyrmagyň, halkara hyzmatdaşlyklary pugtalandyrmagyň ähli ugurlarynda milli medeniýetimiziň esasyny düzýän şeýle gymmatlyklarymyza ýüzlenmek bilen, olary Zeminiň bitewüligini saklamakda, halklary dost-doganlyga çagyrmakda hemişelik Bitaraplyk syýasatymyzyň üsti bilen dünýä ýaýýarys. Dünýä halklaryny, bu ýörelgelerden ugur alyp, bitewülige, agzybirlige, jebislige çagyrmagymyzyň özem halkymyzyň Bitaraplyk ýörelgelerine, adamzat gymmatlyklaryna näderejede hormat-sarpa goýýandygyny aňladýar. Şeýle asylly, oňyn ýörelgelerden ugur alýan türkmen halkyna, ata Watanymyza dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly ynam bildirilip, Türkmenistan tutuş Merkezi Aziýa boýunça sebitiň syýasy, ylalaşdyryjy merkezine öwrüldi.

Gurbangül BAÝRAMOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.