Türkmen-rus ulag-logistika hyzmatdaşlygy ösdürilýär

24 Ýanwar 2023
444

Ýaňy-ýakynda  Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň we Russiýanyň ulag-logistika toplumlarynyň özara hyzmatdaşlyk ugurlary we ösüşi» ady bilen maslahat geçirildi. Oňa iki döwletiň ulag edaralarynyň, logistika kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda Türkmenistanyň we Russiýanyň arasynda degişli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça özara pikirleri alyşdylar we täze mümkinçilikleri orta atdylar.