Türkmenistanda Global GAP obasenagat standartlary boýunça milli topary döretmek meýilleşdirilýär

23 Ýanwar 2023
315

Paýtagtymyzda guralan duşuşykda Türkmenistanda Global GAP boýunça Milli tehniki iş toparyny döretmegiň mümkinçilikleri, şeýle hem onuň ýurduň oba hojalyk öndürijilerine we ykdysadyýetine getirip biljek peýdasy ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, «ORIENT news» habar berýär. Bu çäre «Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa» atly ABŞ-nyň halkara ösüş boýunça agentliginiň (USAID) maksatnamasy tarapyndan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hem-de Germaniýanyň Global GAP oba hojalyk önümleriniň hil standartyny sertifikatlaşdyrmak boýunça kompaniýasy bilen bilelikde Türkmenistanyň ykdysatçylar birleşiginiň gatnaşmagynda geçirildi.

Duşuşykda Merkezi Aziýadaky we beýleki ýurtlardaky öňdebaryjy tejribelere syn berilmegi bilen, Global GAP Milli tehniki iş toparlarynyň guraly bilen tanyşdyryldy, bu standartlaryň Türkmenistanda ornaşdyrylyşyndaky ösüşe baha berildi.

Döwrangylyç PURRYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň uly mugallymy.