Däp bolan dostluk, uly mümkinçilikler

23 Ýanwar 2023
323

20-nji ýanwarda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin bilen duşuşygynyň dowamynda döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň çuň taryhy kökleri bolup, olar dostluga we hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýar. Ynsanperwer ulgam döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugrudyr. Bilim-ylym, medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlyk depginli ösdürilýär. Aşgabatda hereket edýän A.S.Puşkin adyndaky umumy orta bilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebi munuň anyk mysalydyr. Şeýle hem şu ýyl Türkmen-rus uniwersitetiniň düýbüni tutmak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz täze ýokary okuw mekdebiniň düzümini bilelikde işläp taýýarlamagy, ol ýerde ylmy merkezi döretmegi teklip etdi. Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, geljegi uly ugurlar boýunça, şol sanda energetika, senagat, sanly tehnologiýalar, ulag, medeni-ynsanperwer ulgamlar boýunça hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

«Nesil».