Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň wekilleri Türkmenistanda iş saparynda boldular

23 Ýanwar 2023
290

16-21-nji ýanwar aralygynda Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň Halkara ýol ulaglarynyň ýük daşamalary we üstaşyr ulgamlar boýunça departamentiniň direktory hem-de bu departamentiň geňeşçisi Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda iş saparynda boldular. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berilýär.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy hanym Tatýana Reý-Belle we geňeşçi Wahtang Zarandiýany kabul etdi.