Türkmen-rus işewür toparlarynyň hyzmatdaşlygy täze ösüş depginlerine eýe bolýar

21 Ýanwar 2023
387

Aşgabat, 20-nji ýanwar (TDH). Şu gün paýtagtymyzda geçirilýän Türkmen-rus işewürlik maslahatynyň çäklerinde iki ýurduň işewür toparlarynyň köpugurly hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilen çäreler boldy. 

“Ýyldyz” myhmanhanasynda dürli görnüşde geçirilen duşuşyklar, şeýle hem Türkmen-rus we Rus-türkmen işewürler geňeşleriniň bilelikdäki mejlisinde ikitaraplaýyn işewürlik hyzmatdaşlygynyň ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de hyzmatdaşlyk meýilnamalary anyklaşdyryldy. Iki ýurduň pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, iri önümçilik düzümleriniň, hususy kompaniýalarynyň arasynda geçirilen duşuşyklarda senagat kooperasiýasy, gurluşyk önümçiligi, innowasiýa hem-de maglumat tehnologiýalary, ulag-logistika, oba hojalyk pudagy, azyk önümleriniň eksporty we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri barada pikir alşylyp, anyk teklipler beýan edildi.