Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

21 Ýanwar 2023
1232

Aşgabat, 20-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.

Myhman ýüzbe-ýüz duşuşykda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň käbir meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň döwlet Baştutanymyza mähirli salamyny hem-de ähli türkmen halkyna bagt, abadançylyk, döwlet ösüşiniň ýolunda üstünlikler baradaky hoşniýetli sözlerini ýetirdi.