Gymmaty egsilmeýän gollanma

21 Ýanwar 2023
825

Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini öňe süryän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýynyň barha ýokarlanýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli we halkara baýramçylyklar, şanly seneler mynasybetli köpçülikleýin medeni-sport çärelerini geçirmeklik ajaýyp däbe öwrüldi. Adamyň saglygy barada gürrüň açylsa, ilki bilen, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseri göz öňünde janlanýar. Bu eser biziň durmuşymyzyň sagdyn hem ruhubelent bolmagy üçin esasy ýolgörkeziji bolup hyzmat edýär.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ensiklopedik ylmy işi dünýäniň köp dillerine terjime edildi. Türkmenistanyň çäklerinde ösyän ösümlikleriň dermanlyk häsiýetlerine bagyşlanan köp jiltli düýpli ylmy iş, diňe bir milli dermançylyk ulgamynyň däl, eýsem, dünyä fitoterapiýasynyň ösüşinde möhüm ädimdir. “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy iş daşary ýurtly hünärmenlerde uly gyzyklanma döredýär. Çünki onuň sahypalarynda dermanlyk ösümlikleriň bejeriş aýratynlygy, olary ylmy we halk lukmançylygynda peýdalanmagyň usullary barada giňişleyin gürrüň berilýär.