Pähim-paýhas ymmany

18 Ýanwar 2023
824

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ruhy baýlygynyň medeni ojagy bolan kitaphana ulgamynda guwandyryjy ösüşler gazanylýar. Ýurdumyzyň dürli künjeginde häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap kitaphanalar ulanylmaga berildi. Olarda okyjylar üçin giň mümkinçilikler döredilendir.

Ylmyň, bilimiň ojagy bolan kitaphanalar bu günki gün adamlaryň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüldi. Kitaphanamyzyň gaznasy çeper we ylmy, edebi mirasymyza, halk döredijiligimize degişli kitaplar bilen yzygiderli baýlaşdyrylýar. Häzirki döwürde kitaphanalarda hyzmat etmegiň täze usuly ýola goýuldy. Okyjylar özlerine gerek edebiýatlary diňe kataloglaryň we kartotekalaryň kömegi bilen däl, eýsem, elektron görnüşdäki kataloglardan, internet ulgamyndan gözläp, tapyp bilýärler. Bu bolsa wagty tygşytlamaga ýardam berýär.

Durdygül Durdyýewa,
Türkmenbaşy etrap merkezi kitaphanasynyň müdiri.