Ha­ly­pa alym ha­kyn­da söh­bet

17 Ýanwar 2023
1087

Ge­çen asyr­da türk­men ge­lin-gyz­la­ry­nyň ara­syn­dan ylym-bi­li­me hö­wes edip, il­kin­ji alym­lyk de­re­je­si­ne eýe bo­lan ze­na­nyň kim­di­gi­ni, me­ge­rem, bi­le­si gel­ýän­ler bar­dyr. Şu so­rag öň­den bä­ri me­ni-de öz er­ki­me goý­ma­ýar­dy. Pi­kir­le­nip otur­sam, ahy­ry dil bi­li­mi ug­run­dan il­kin­ji bo­lup alym­lyk de­re­je­si­ni alan we soň­ra has ýo­ka­ry bas­gan­çak­la­ra ga­lan Zy­ly­ha Ba­ky­ýew­na Mu­ham­me­do­wa­nyň ady­ny ýa­dy­ma sal­ma­ly bol­dum. Bu gaý­rat­ly we akyl­dar türk­men zenanynyň ýaş­la­ra gö­rel­de bo­lar­lyk ge­çen dur­muş we dö­re­di­ji­lik ýo­ly bar. Onuň dur­mu­şy bi­len hor­mat­ly oky­jy­la­ry gys­ga­rak ýag­daý­da ta­nyş­dyr­ma­gy özü­me borç bil­dim.

Zy­ly­ha Mu­ham­me­do­wa Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň We­kil­ba­zar et­ra­by­nyň Mülk­ýu­sup oba­syn­da 1922-nji ýy­lyň 9-njy ýan­wa­ryn­da ene­den do­gul­ýar. Ka­ka­sy Ba­ky Täç Mu­ham­me­dow (1899 — 1938) so­wat­ly adam­la­ryň bi­ri bo­lup­dyr.

Aman­mu­ham­met NUR­MU­HAM­ME­DOW,
TYA-nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Dil, ede­bi­ýat we­ mil­li gol­ýaz­ma­lar ins­ti­tu­ty­nyň baş yl­my iş­gä­ri, fi­lo­lo­gi­ýa ylym­la­ry­nyň kan­di­da­ty, Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­da we teh­ni­ka­da at ga­za­nan iş­gä­ri.