Manyly ömür

13 Ýanwar 2023
972

Biziň söhbedini etmekçi bolýan we 93 ýaşy arka atan paýhasly türkmen ýaşulusyny köpler özüniň halypasy — gadyrdan mugallymy hasaplaýar. Agajan Babaýew öz manyly ömrüni bilime, ylma bagyşlady. Ol geografiýa ylymlarynyň doktory, professor, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, Russiýa Federasiýasynyň Ylymlar akademiýasynyň habarçy agzasy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň: «Ylym her bir şahsyýetiň, jemgyýetiň, döwletiň barlygy, berkararlygy, bakylygy hem-de dowamaty üçin uly ähmiýete eýedir... Ylym bilen meşgullanmak abraý-mertebedir» diýen parasatly sözleri ylmyň adamzat jemgyýetinde, her bir ynsanyň şahsy durmuşynda örän uly orny eýeleýändigini görkezýär.

Sapargeldi DURDYÝEW,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň bölüm müdiri, biologiýa ylymlarynyň kandidaty, dosent.