Garaşsyzlyk we Bitaraplyk — ösüşleriň, rowaçlyklaryň gözbaşy

27 Dekabr 2022
610

BMG-niň Baş Assambleýasynyň şu ýylyň 6-njy dekabryndaky 77-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» atly Kararnama kabul edildi. Bilşimiz ýaly, dünýä bileleşigi bilen bilelikde Halkara Bitaraplyk gününiň bellenmeginiň öňüsyrasynda döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy esasynda «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara maslahatyň geçirilendigi-de aýratyn bellärliklidir. Hemişelik Bitaraplygyň 27 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda guralan bu möhüm forumyň mowzuklaýyn mejlisleriniň işiniň netijeleri boýunça Jemleýji resminama kabul edildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan Bitarap döwlet hökmünde sebitde we tutuş dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň üpjün edilmegine gönükdirilen dostluk hem-de ynanyşmak syýasatyny alyp barýar.

Şu ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygyny belledik. Türkmenistan, taryhy nukdaýnazardan alnanda, juda gysga wagtyň dowamynda diňe bir ýurduň ykdysadyýetini ösdürmek bilen çäklenmän, bütin adamzadyň bähbidini nazarlaýan uly möçberli taslamalary amala aşyryp, dünýäde durnukly ösüşiň gazanylmagyna mynasyp goşandyny goşmagy başardy. Elbetde, Watanymyzyň ýeten şeýle beýik sepgitleriniň aňyrsynda diňe bir Garaşsyzlyk däl, eýsem, juda dogry we şowly saýlanylan oňyn Bitaraplyk syýasaty hem ýatyr.

Pürli RASULOW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň hünärmeni.