Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi

26 Dekabr 2022
380

Durmuşyň ähli ugurlary babatda gazanýan ýokary ösüşleri bilen dünýä ösüşine mynasyp goşant goşýan Garaşsyz döwletimiz «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny uly üstünlikler bilen jemläp, 2023-nji ýyla ynamly gadam urýar.

Döwletimiz parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, sebit hem-de dünýä möçberinde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge degişli esasy meseleleriň özara ylalaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça umumy tagallalary birleşdirmäge işjeň gatnaşýar. Beýleki döwletler bilen ýakyn hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynda sebitiň ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny döretmek wajyp meseleleriň biridir. Ýurdumyzda döwrebap ulag-üstaşyr logistika düzüminiň kemala gelmegi gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikelmeginde möhüm ähmiýete eýe bolup, milli ykdysadyýetimiziň ösüşine kuwwatly itergi berýär.

Artyk ÖWEZOW,
Awtoulaglar we ýol hojalyk işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň esasy hünärmeni.