Birža söwdalary

25 Dekabr 2022
400

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 40-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Türkiýeden, Owganystandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Özbegistandan we BAE-den gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny we awiakerosini, «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Şeýle-de Dokma senagaty ministrliginiň dokma toplumlarynda öndürilen dürli reňklerdäki we dürli ölçeglerdäki düz boýalan, žakkard sütükli önümler hem-de Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen portland sementi satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 42 million 988 müň 850 dollaryna deň boldy.