Beýik Ýüpek ýoly — dostlugyň ýoly

23 Dekabr 2022
536

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly ýurdumyzyň ähli ulgamlarda sazlaşykly ösüşleri gazanan ýyllarynyň biridir. Ol halkara gatnaşyklaryň aýratyn işjeň häsiýete eýe bolan ýyly hökmünde hem taryha altyn harplar bilen ýazylmaga mynasyp. Ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen birinji üçtaraplaýyn sammit hem aýdanlarymyzyň aýdyň güwäsidir.

Hormatly Prezidentimiz ýokary derejede geçirilen bu taryhy duşuşyga ýokary baha berip, şeýle diýdi: «Üç döwletiň mümkinçilikleriniň birleşdirilmegi, bilelikdäki serişdeleriň, geografik, tehnologik mümkinçilikleriň ulanylmagy bütin Ýewraziýa giňişliginde geoykdysady düzümlere täze dörediji many-mazmun we häsiýet berer». Bilşimiz ýaly, döwlet Baştutanymyzyň parasatly baştutanlygynda «Açyk gapylar» syýasaty barha rowaçlanýar. Diýarymyz dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk, oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýär. Azerbaýjan hem Türkiýe döwletleri bolsa ýurdumyzyň strategik hyzmatdaşlarynyň hatarynda möhüm orun eýeleýär. Awaza sammiti bu doganlyk döwletler bilen öňden gelýän köpugurly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga, ähli ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, energetika, ulag ýaly möhüm ugurlarda tagallalary birleşdirmäge gönükdirilendir. Bu barada gol çekilen möhüm üçtaraplaýyn resminamalarda hem nygtalýar. Munuň özi Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmekde-de ygtybarly binýatdyr.

Gülşirin AMANGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň uly mugallymy.