Awaza sammiti: üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna badalga

22 Dekabr 2022
540

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan soňky ýyllarda ýokary derejedäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň yzygiderli geçirilýän ýeri hökmünde çykyş edýär. Bu duşuşyklar we gepleşikler uzak möhletleýin geljegi nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna has oňaýly çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Soňky ýyllarda halkara hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde ykrar edilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda munuň üçin ähli şertler, şol sanda zerur infrastruktura döredildi. Şeýle amatly mümkinçilikler 14-nji dekabrda bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň gatnaşmagynda birinji üçtaraplaýyn sammitiň hem üstünlikli geçmegini şertlendirdi.

Üç döwlet. Bir maksat. Umumy geljek