Türkmen-azerbaýjan parlamentara gatnaşyklary ilerledilýär

22 Dekabr 2022
453

7-nji dekabrda Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa öz ýurdunyň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana sapar bilen geldi. Saparyň çäklerinde dürli derejelerde geçirilen netijeli gepleşiklerdir gazanylan ylalaşyklar strategik häsiýete eýe bolan türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň ösüşine täze itergi bermekde möhüm ädime öwrüldi.

7-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowany kabul etdi. Duşuşykda azerbaýjanly hyzmatdaşlar bilen gepleşikleriň hemişe netijeli we dostlukly häsiýeti, aýratyn mähirliligi bilen tapawutlanýandygy, olara çuň many-mazmunyň, özara düşünişmegiň, doly ynanyşmak ýagdaýynyň, şeýle-de belent ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlylygyň mahsusdygy bellenildi.