Türkmenistan — Katar: asylly ýörelgelere ygrarlylyk

22 Dekabr 2022
479

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 3-nji dekabrda Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň çakylygy boýunça Katar Döwletine sapary amala aşyryp, ýokary derejeli gepleşikleri geçirmegi, Dohadaky Futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlarynyň biriniň hormatly myhmany bolmagy häzirki döwürde strategik ýörelgelerde ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň dürli ulgamlarda üstünlikli ösdürilýändigine şaýatlyk etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurda ugramazyndan ozal, Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ganem bin Abdullah Al Romaýhi bilen gürrüňdeş boldy. Döwlet Baştutanymyz doganlyk ýurdumyz bolan Katar Döwletine amala aşyrylýan saparyň möhümdigini belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklara, netijeli we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine örän uly ähmiýet berýändigini nygtady.