Oňyn tejribeler, täze gözýetimler

22 Dekabr 2022
440

Ýurtlaryň arasynda hoşniýetli hyzmatdaşlygy ösdürmekde zenanlar möhüm orny eýeleýär. 10-njy dekabrda Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň ýyllyk jemleýji maslahaty hem bu ugurda uly tejribäniň gazanylandygyna şaýatlyk edýär. Sebitiň ýurtlarynyň wekilleriniň hem-de BMG-niň degişli düzümleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda bu guramanyň 2022-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi, şeýle-de dialogy giňeltmegiň mümkinçilikleri hem-de 2023-nji ýyl üçin iş meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şu ýyl dialogda türkmen tarapyndan başlyklyk ediji hökmünde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy maslahaty açyp, döwlet Baştutanymyzyň tutuş ýylyň dowamynda Türkmenistanyň dialoga başlyklyk etmeginiň çäklerinde alyp barýan işlerini goldandygyny hem-de aýratyn üns berendigini belledi. Şeýle hem BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy N.German, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan çykyş edip, Türkmenistanyň 2022-nji ýylda dialoga başlyklyk etmeginde ýerine ýetiren işlerine ýokary baha berdiler.