Deňhukuklylyk ýörelgeleri

21 Dekabr 2022
437

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň ýurt baştutanlygynda il bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriň uly toplumy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň her bir güni toý-baýramlara, şanly wakalara beslenýär. Şol wakalaryň biri hem golaýda goja Hazaryň türkmen kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Kongresler merkezinde Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda birinji üçtaraplaýyn sammitiň geçirilmegidir. Bu ýerde Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda ýurt we sebit ähmiýetli möhüm Ylalaşyklaryň ençemesine gol çekilmegi aýratyn buýsandyryjy waka boldy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow forumyň öňüsyrasynda azerbaýjan we türk kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň dowamynda sammitiň üçtaraplaýyn syýasy-diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmaga, söwda-ykdysady, maýa goýum, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge mümkinçilik berjekdigi nygtaldy.

Giňişleýin düzümde dowam eden üçtaraplaýyn sammitde taraplar ykdysady ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşykda söwda, energetika we ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek möhüm meseleleriň hatarynda kesgitlenildi. Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň döwletara, sebitleýin we halkara derejesinde strategik häsiýete eýe bolandygy nygtaldy. Şeýle hem, özara gatnaşyklaryň üçtaraplaýyn görnüşiniň däp bolan dostlukly, ynamdar gatnaşyklary berkitmek we gatnaşygy işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri döredýändigi bellenildi.

Leýli ERNEPESOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.