Türkmenistan Moskwadan Pars aýlagyna ýükleri 15 günde eltýän taslamanyň jümmüşinde

21 Dekabr 2022
468

Russiýanyň demir ýollary Demirgazyk ― Günorta halkara üstaşyr geçiriş ulgamy boýunça yzygiderli ýük daşamak hyzmatyny ýola goýdy. Bu barada «RŽD Logistika» paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Dmitriý Murew «Made in Russia-2022» halkara eksport forumynda eden çykyşynda «Rus eksportçylary üçin yzygiderli jemgyýetçilik hyzmaty açylýar, täze taslama isleg bildirýänlere bäsdeşlik şertlerinde hyzmat eder» diýip tassyklady.

Täze taslama gatnaşyjy ähli döwletleriň ― Russiýanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň, Hindistanyň birleşen tagallalary netijesinde 2 million, 2025-nji ýyla çenli bolsa her ýyl 5 million tonna ýüki daşamaga mümkinçilik berer. Aýdylyşy ýaly, häzirki wagtda «RDÝ Logistika» halkara taslamanyň bokdençsiz işlemegi üçin bitewi tehnologiýany döretmegiň üstünde işleýär. Taslama ýükleri Moskwa şäherinden Pars aýlagynyň portlaryna 15 günüň dowamynda eltmäge mümkinçilik berer. Şeýlelikde, taslama diňe bir Hindistana täze söwda ýollaryny açman, eýsem, Pars aýlagy, Afrika we Aziýa ýurtlaryna hem haryt ibermäge mümkinçilik berer. Murew, şeýle hem, ulag geçelgesiniň üstünlikli işlemegi üçin eksportçylara ykdysady taýdan bäsdeşlik etmäge mümkinçilik berjek ykdysady ugurlar boýunça şuňa meňzeş ugurlara uýgunlaşdyrylan nyrhlaryň zerurdygyny aýtdy.