Hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri

20 Dekabr 2022
499

Dünýäniň kuwwatly energetika döwletleriniň hataryna girýän eziz Watanymyzyň baý uglewodorod serişdelerini netijeli peýdalanmak babatda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň uly geljegi bar. Türkmen topragynyň tebigy baýlyklarynyň ummasyzdygyny tassyklaýan, ägirt uly gaz gorlaryna eýe bolan «Galkynyş» käni, Hazar deňziniň türkmen bölegindäki hem-de Amyderýanyň sag kenaryndaky iri nebitdir gaz ýataklary, beýleki tebigy baýlyklar halk hojalygyny üstünlikli ösdürmegiň, ýurdumyzyň dünýä bazarynda iri energiýa serişdelerini çykaryjylaryň biri hökmünde çykyş etmegini kepillendirýär. Köpugurly turbageçirijiler ulgamy türkmeniň tebigy gazyny dünýäniň çar tarapyna ugratmaga mümkinçilik döredýär. Daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde amala aşyrylan «Türkmenistan — Hytaý», «Döwletabat — Sarahs — Hangeran» gaz geçirijilerini hem-de gurluşygy alnyp barylýan «Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan» gaz geçirijisi iri taslamalar hökmünde möhüm ähmiýete eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň dünýäniň ähli döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen energetika strategiýasy täze üstünliklere beslenýär. Ine, 14-nji dekabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň hem-de Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilen sammit hem energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berdi.

Türkmenistan, Azerbaýjan Respublikasy hem-de Türkiýe Respublikasy hyzmatdaşlygyň ägirt uly kuwwatyna eýedirler. Doganlyk ýurtlaryň geografik we geosyýasy taýdan amatly ýerleşmekleri bu hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldip, uzak geljege gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirmek üçin amatly şertleri üpjün edýär. Türkmen tarapynyň başlangyjy bilen geçirilen bu sammit aýratyn ähmiýete eýe bolup, hyzmatdaşlygy täze ugurlar bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilendir. Bu möhüm üçtaraplaýyn sammitiň öňüsyrasynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda üç ýurduň energetika, ulag we daşary işler ministrleriniň derejesinde duşuşyklar geçiriliip, degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Forumyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz azerbaýjan we türk Liderleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşmalarda sammitiň üçtaraplaýyn syýasy-diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmaga, söwda-ykdysady, maýa goýum, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam berjekdigi bellenildi.

Züleýha ORAZOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.