Seçgiçi alym

14 Dekabr 2022
871

Gowaçanyň seleksiýasyny ösdürmäge özüniň saldamly goşandyny goşan ilkinji türkmen alymy, biologiýa ylymlarynyň kandidaty Döwlet Babaýewdir. Ol Mary etrabynyň Muhadow adyndaky geňeşliginde 1928-nji ýylda daýhan maşgalasynda dogulýar. Ilki oba mekdebinde okap, soňra Mary şäherindäki 6-njy orta mekdebi 1947-nji ýylda tamamlaýar. Ol okuwyny dowam etdirmek üçin Aşgabat şäherindäki Şol wagtky M. I. Kalinin adyndaky oba hojalyk institutynyň agronomçylyk fakultetine okuwa girýär we ony 1952-nji ýylda gutaryp, Ýolötendäki tejribe bekedinde ylmy iş bilen meşgullanyp ugraýar. Bu ýerde onuň ylma bolan höwesi artyp, Özbegistan döwletiniň Daşkent şäherinde ýerleşen öňki Bütinsoýuz ylmy-barlag pagtaçylyk institutyndaky aspirantura okuwa girýär. Bu ýerde gowaçanyň köpýyllyk nusgasyny, inçe süýümli, medeni sortlar bilen jynsy taýdan çaknyşdyryp, olaryň gibrid nesillerinde hojalyk ähmiýetli alamatlarynyň nesle eýerijiligini öwrenýär. Ol aspiranturany üstünlikli tamamlap, ýene-de Ýolöten tejribe bekedinde işe başlaýar we kandidatlyk dissertasiýasyny goraýar. Soňra 1959-njy ýylda Änew şäherindäki ylmy-barlag ekerançylyk institutyna işe girýär we seleksiýa işini giňişleýin geçirip ugraýar.

Onuň ilkinji döreden, inçe süýümli gowaçanyň Aş-25 sorty 1977-nji ýylda önümçilige ornaşdyrylýar. Ol bol hasylly, süýümi, ýokary hilli gowaçanyň täze sortuny döreden ilkinji türkmen alymydyr. Onuň döreden bu sorty şol döwürde giňişleýin ekilipdi. Mysal üçin, 1984-nji ýylda şol wagtky Soýuz boýunça 282.6 müň gektara ekilipdir we ol dürli toprak-howa şertlerine uýgunlaşan bolupdyr. Ol ýeke bir pagtaçy daýhanlaryň hasyllylyk baradaky talaplaryny kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, pagta arassalaýjy kärhanalaryň we dokma senagatynyň talaplaryny hem kanagatlandyrypdyr.