Dil bilen köp biler

7 Dekabr 2022
919

Garaşsyz Diýarymyzyň tehniki-ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmak, onuň intellektual kuwwatyny artdyrmak üçin ylmy ösdürmek hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň esasylarynyň biridir. Şunda ykdysadyýetimizde bolup geçýän möhüm özgertmeler we onuň dünýä bazaryna girmegi, iňlis dilinde gürleýän hünärmenleri taýýarlamagyň zerurlygyny ýüze çykarýar. Iňlis dili halkara aragatnaşygynyň dili hökmünde diňe bir işewürlikde däl, eýsem, dürli ugurlarda ulanylýar. Halkara derejesindäki ykdysady gatnaşyklaryň barha artmagy, telekeçileriň sanlarynyň köpelmegi sebäpli, iňlis diliniň käbir işewürlik sözleri terjime edilmezden, ähli dillerde ulanylýar. Muňa mysal edip, «diwersifikasiýa», «marketing» ýaly sözleri getirip bolar.

Ylym we tehnikanyň gazananlaryny ykdysadyýete ornaşdyrmak, jemgyýetiň ähli mümkinçiliklerini işjeňleşdirmek biziň döwletimiziň häzirki döwürdäki ösüş strategiýasydyr. Ony durmuşa geçirmekde ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlarynyň, ykdysatçy ýaş hünärmenleriň orny uludyr. Şeýle hünärmenleri taýýarlamak, ilkinji nobatda, häzirki döwürde neşir edilýän serişdelere düşünmek, habarly bolmak, esasan, daşary ýurt dillerinde berilýän internet maglumatlaryny ulanmak üçin rus, iňlis we beýleki daşary ýurt dilleriniň çuňňur öwrenilmegini talap edýär. Bu ugurda ýurdumyzyň ýörite orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde ägirt uly işler alnyp barylýar. Ýörite bilimli hünärmenlerimiz ýurdumyzyň beýik ösüşlerine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Züleýha RAHYMOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.