Kitaphana — ruhy hazyna

7 Dekabr 2022
1043

Kitaphanalar ynsanyň ruhy dünýäsiniň rahatlyk tapýan öýüdir, kitaplar bolsa jemgyýetçilik aňynyň sagdyn kemala gelmegine hyzmat edýän medeni-ruhy baýlygymyzyň egsilmez çeşmesidir. Biziň durmuşymyz, duýgularymyz we pikir giňişligimiz kitaplar bilen kämilleşýär. Ýurdumyzda kitaphana ulgamynyň işiniň guralyşy dünýä ülňülerine laýyk derejede alnyp barylýar. Jemgyýetçilik durmuşymyzyň ähli ugurlarynda elektron dolandyryş ulgamyna geçilýän häzirki döwürde kitaphana işini maglumatlaşdyrmak, olarda elektron kataloglary we kitaplary peýdalanmaga geçmek, maglumat alyş-çalyş işini ýola goýmak işleri üstünlikli alnyp barylýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kitaphanalara aýratyn üns berlip, yzygiderli neşir edilýän täze kitaplaryň, okuw gollanmalarynyň sany artýar we olaryň saklanylyşyna bolan talap güýçlenýär. Biziň kitaphanamyzyň alyp barýan işleri hem  ýaş okyjylaryň kitaba bolan islegini kanagatlandyrmaga, olaryň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmaga gönükdirilýär. Ýaşajyk okyjylarymyza  kitaphana tarapyndan gerekli hyzmatlar edilýär. Körpelere özlerine gerek bolan kitaplary aňsatlyk bilen tapmagyň usullaryny görkezýäris hem-de okyjylarymyzyň has-da köpelmegini gazanýarys. Geljekde hem kitaphana ulgamynyň işini döwrebap ýola goýmakda, kämilleşdirmekde we bu ulgamy dünýä derejesine çykarmakda alnyp barylýan işlere öz goşandymyzy goşup, ýaş nesillerimiziň ylym-bilimli, halal, zähmetsöýer, watansöýüji adamlar bolup ýetişmekleri üçin zähmetimizi gaýgyrmarys.

Meretgül Baýramowa,
Balkanabat şäheriniň merkezi kitaphanasynyň 1-nji kitaphana şahamçasynyň bölüm müdiri, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.