Ylym — kämillik we güýç-kuwwat

25 Noýabr 2022
1000

Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Ylym-bilim ähli ösüşleriň özeni, üstünlikleriň gözbaşy hasaplanýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna baglydyr.

Ýaşlaryň ylym babatdaky başarnyklaryny doly ýüze çykarmak, ösdürmek, peýdalanmak mümkinçiliklerini durmuşa geçirip, bilimli, ylymly nesli kemala getirmek maksady bilen ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde döwrebap şertler döredilýär. Ylma teşne talyplar mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, döwlet we halkara derejesinde geçirilýän olimpiadalarda, bäsleşiklerde öz zehinlerini, ukyp-başarnyklaryny, bilim derejelerini görkezip, ýokary netijeleri gazanýarlar.

Döwlet TOÝLYÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.