Kompýuter tehnologiýalary

20 Noýabr 2022
1239

«7/24. tm», № 47 (130), 20.11.2022

Hä­zir­ki wagt­da san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň giň­den ýaý­ra­ma­gy bi­len komp­ýu­te­riň nä­me­di­gi­ni dü­şün­dir­mä­ge ze­rur­lyk ýok. Em­ma bi­ziň ag­la­ba­myz «komp­ýu­ter» sö­zü­niň türk­men di­lin­de «ha­sap­laý­jy» diý­me­gi aň­lad­ýan­dy­gy­ny bil­me­ýän bol­ma­gy­myz ah­mal. Komp­ýu­ter il­ki­baş­da dö­re­di­len­de, di­ňe ha­sap­la­ýyş iş­le­ri üçin ni­ýet­le­nen en­jam bo­lup­dyr. Soň­ra ola­ryň müm­kin­çi­lik­le­ri­niň gi­ňel­me­gi bi­len komp­ýu­ter­ler san gör­nü­şin­de be­rip bol­ýan is­len­dik mag­lu­mat­la­ry gaý­ta­dan iş­le­mä­ge ýa­ram­ly bo­lup baş­la­ýar­lar.