Ylymly ýaşlar röwşen geljegimizdir

14 Noýabr 2022
1122

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen döwrebap ylym-bilim ulgamyny kemala getirmäge gönükdirilen özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Hünärine ussat, häzirki zaman sanly tehnologiýalardan baş çykarýan ýaşlary ýetişdirmek — döwrüň talaby. Şu maksatdan ugur alyp, ýaşlary ylma çekmekde döwlet derejesindäki çärelere, ylmy işler boýunça bäsleşiklere giň gerim berilýär.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanynda Ýaş alymlar merkeziniň, şeýle-de onuň garamagynda ýurdumyzyň ylym-bilim edaralarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň binýadynda jemi 50-ä golaý ýaş alymlar merkezleriniň açylandygyny bellemelidiris. Jemgyýetçilik başlangyjy esasynda döredilen bu merkeziň maksady ýurdumyzda ýaş alymlaryň täze nesliniň kemala gelmegine, zehinli ýaşlary ylmy-tehniki we gözleg işlerine çekmäge, täze ylmy açyşlara bolan gyzyklanmalaryny höweslendirmäge gönükdirilendir.

Döwletgeldi DURDYMUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygynyň orunbasary.