Aşgabatda “Sanly çözgüt-2022” atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

14 Noýabr 2022
1235

Aşgabatda "TürkmenTel-2022" XV Halkara sergisi we ylmy maslahaty öz işini tamamlady, onuň öňüsyrasynda "Sanly çözgüt-2022" atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň saýlama tapgyry geçirildi, forumyň dowamynda bolsa bäsleşigiň netijeleri jemlendi.

Biz onuň käbir netijelerini hödürläris. Bu bäsleşige 250 töweregi ylmy taslama hödürlenip, olaryň arasynda talyplar, ýokary synp okuwçylary we ýaş IT hünärmenleri bar.