Şorlaşmagyň öňüni almakda günebakaryň peýdasy

9 Awgust 2022
1907

Ýurdumyzyň demirgazyk etraplarynda toprak şorlaşmasyny peseltmek maksady bilen, Türkmen oba hojalyk institutynda ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Bu ylmy-barlag işi

Daşoguz welaýatynyň çäklerinde dürli derejede şorlaşan topraklarda günebakaryň hasyllylygyna dökünleriň dürli kadalarynyň täsirini öwrenmek maksady bilen geçirildi. Bu ugurda ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşan günebakary ösdürip ýetişdirmek boýunça ekerançylyk hojalyklary üçin usuly gollanma hem işlenilip taýýarlanyldy. Ylmy-barlag işinde günebakar ekilen ýerlere dökün bermegiň kadalaryny kesgitlemek üçin 4 sany synag meýdany döredildi we şolaryň 3-sinde döküniň dürli kadasy öwrenildi.

Ýangiljon PALÝAZOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.