Galyndysyz tehnologiýalar

14 Iýul 2022
1496

Häzirki wagtda önümçiligiň galyndysyz tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak ylmyň esasy meseleleriniň birine öwrüldi. Bu meseläniň oňyn çözülmegi önümiň özüne düşýän bahasynyň peselmegini, daşky gurşawa zyýanly täsiriniň öňüniň alynmagyny şertlendirýär. Şoňa görä-de, hut şu ugurdaky ylmy-barlag işleri döwlet maksatnamalarynyňdyr taslamalarynyň esasyny düzýär. Şeýle işleriň hatarynda ýod önümçiliginde ulanylan akyndy suwy gaýtadan peýdalanmagyň tehnologiýasyny işläp taýýarlamak möhüm orny eýeleýär.

Türkmenistan ýoduň ätiýaçlyk gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Ýurdumyzda ýody we onuň önümlerini öndürýän kärhanalaryň birnäçesi işleýär. Maglumatlara görä, 1 tonna ýody almak üçin müňlerçe kub metre barabar bolan ýerasty, duzly suwlar peýdalanylýar. Şunda düzüminden 30 — 100 g/m3 ýody alnan suw tebigy şertlerdäki bugardyjylara ugradylyp, dereksiz ýitirilýär. Akyndy suw öz düzüminde natriý, kalsiý, magniý, kaliý hloridleriniň uly möçberini, şeýle hem litiý, stronsiý, bor ýaly seýrek, emma, gymmatly himiki elementleri saklaýar. Şoňa görä-de, Himiýa institutynyň alymlary tarapyndan ýod önümçiliginiň akyndy suwuny gaýtadan peýdalanmagyň ylmy esaslary işlenip düzüldi. Şol taslamalardyr täzelikler degişli şahadatnamalar bilen berkidildi. Şunda ornaşdyrmak üçin hödürlenilýän işlerde ýod önümçiliginiň akyndy suwy howdanlarda bugardylýar, goýaldylýar, belli bir yzygiderlilikde gips, nahar duzy, magniý we kalsiý duzlary alynýar. Suw bugarmasynda düzüm paýlary az bolan, ýöne gymmatly himiki elementleriň mukdary gerekli derejä çenli goýalansoň, olar degişli sorbentler bilen saýlanyp alynýar. Şeýlelikde, galyndysyz tehnologiýanyň işi iýmitlik nahar duzuny we doňaklyga garşy ulanylýan kalsiý hloridiniň goýaldylan erginini almak bilen tamamlanýar.

Çary KULYÝEW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň bölüm müdiri, himiýa ylymlarynyň kandidaty.